Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna Awazada dynç almagyň tertibi bilen bagly tabşyryklary berdi

15:2215.05.2021
0
12013

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu toparyň öňünde täze wezipeleri goýdy.

Döwlet Baştutany saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa ýüzlenip, Dolandyryş merkeziniň Awazada ýerleşdiriljek ýerini kesgitlemegi, onuň düzümini tassyklamagy we orunbasar bellemegi tabşyrdy. Bu merkeze ministriň özi ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem raýatlarymyzyň howpsuz dynç almagyny üpjün etmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak we tassyklamak üçin hödürlemek tabşyryldy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrlikleri we pudak edaralary zolagyň çäginde ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlara ýollamanamany bermeli diýip, milli Lideri nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Dolandyryş merkeziniň esasy wezipeleriniň tomus döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyz üçin dynç alşy bökdençsiz guramakdan, ilat arasynda düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerini geçirmekden ybaratdygyny nygtady.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, syýahatçylyk zolagyndaky deňiz suwuny süýjediji desgada işleriň gije-gündiz alnyp barylmagyny we desganyň goragyny bellenen tertipde güýçlendirilen düzgüne laýyklykda üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu ýerdäki myhmanhanalar özlerine degişli bolan ministrlikler we pudak edaralary ýollamanamasy resmileşdirilen raýatlaryň elektron sanawyny Dolandyryş merkezine we Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna gündelik ibermegi üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutany nygtady. Raýatlary öz wagtynda zolakdaky myhmanhanalara bron esasynda ýerleşdirmek maksady bilen, bu baradaky maglumatlary web sahypasynda barlamak mümkinçiligini ýola goýmaly diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Dolandyryş merkezinde jemlenýän maglumat-hasabatlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýerleşýän Baş dolandyryş merkezine iberilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we arassaçylygy üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiz Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezowa ýüzlenip, zolagyň çäginde döredilen gözegçilik-geçiriş ýerinde beýleki ygtyýarly edaralaryň wekilleri bilen bilelikde gije-gündiz nobatçylyk etmek üçin jogapkär wekili bellemek barada görkezme berdi. Şeýle hem gözegçilik-geçiriş ýerinde zolakda işlemek we dynç almak üçin barýan raýatlaryň resminamalaryny ygtyýarlyklaryň çäginde gözden geçirmek, hasabatyny ýöretmek, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan zolaga gelýän raýatlaryň bellige alynmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy.

Içeri işler ministri M.Çakyýewe welaýatlardan gelen we zolakda ýerleşen desgalarda işleýän işgärlere wagtlaýyn rugsatnama berlende, olardan Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralary tarapyndan resmileşdirilýän bellige alyş şahadatnamasyny talap etmek tabşyryldy.

Syýahatçylyk zolagyna girilýän ýerdäki gözegçilik nokadynda polisiýanyň ýol gözegçiligi we jemgyýetçilik howpsuzlygy gulluklarynyň işgärleriniň gije-gündiz nobatçylygyny guramak, ulag serişdeleriniň diňe ýörite niýetlenen ýerlerde durmagyny üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Jemgyýetçilik tertip-düzgünini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, bu ýerde gurnalan wideogözegçilik ulgamyndan netijeli peýdalanmak wajypdyr diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe Awazada ýerleşýän desgalaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň ýola goýulmagyny tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kenarýaka çäkleriniň we Hazar deňziniň suwunyň ekologiýa ýagdaýyny hem-de himiki taýdan arassaçylyk derejesini, şeýle hem çäklendirme döwründe ministrliklere we pudak edaralaryna degişli tokaý meýdanlarynda baglara ideg edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän syýahatçylyk kärhanalarynyň Awazadaky myhmanhanalar bilen şertnamalaýyn esasda işlemegini ýola goýmak, bu ýerdäki hyzmatlaryň görnüşi barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildirişleri bermek barada görkezmeler berildi.

Mundan başga-da, degişli ýolbaşçylara zerurlyga görä, internet ýa-da optiki-süýümli aragatnaşyk hyzmatlaryny, Dolandyryş merkezini aragatnaşyk enjamlary we internet bilen üpjün etmek, dynç alýan raýatlara söwda hyzmatyny «Awaza» söwda merkezinde ýola goýmak, bu ýerdäki myhmanhanalarda söwda, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmat etmek kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn Tertibiniň talaplary barada daşary ýurt döwletleriniň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny habarly etmek tabşyryldy.

Milletiň Lideri Awazada ýerleşýän desgalaryň daş-töwereginde arassaçylyk -dezinfeksiýa çärelerini geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, dynç alyş möwsüminde zolakdaky sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde lukmançylyk otaglarynyň sazlaşykly işini ýola goýmagy, «Tiz kömek» gullugynyň hem-de tejribeli saglygy goraýyş işgärleriniň nobatçylygyny guramagy, bu ýerde zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň ýeterlik bolmagyny gazanmagy, dermanhanalaryň iş tertibini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Deňziň suwa düşülýän we dynç alynýan ýerlerinde arassaçylyk ýagdaýlaryna gözegçilik etmek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Dolandyryş merkezine, Içeri işler ministrliginiň hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralaryna COVID-19-a garşy sanjym edilen adamlaryň elektron sanawyny gündelik bermegi üpjün etmek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň epidemiologiýa ýagdaýyna gündelik seljeriş işlerini geçirmegiň we ony berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, bu ugurda öňde duran wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň