Tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, welaýatlardan we Aşgabat şäherinden dynç almaga gitjek raýatlarymyzy demir ýol ulagynda şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Bu barada «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň Awazada geçirilen göçme mejlisinde milletiň Liderine hasabat berdi.
Demir ýol ulgamynda ýolagçylar gatnadylanda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri bilen bilelikde, ýolagçy wagonlarynda we demir ýol menzilleriniň binalarynda hem-de beýleki ýerlerde gündelik arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli geçirilýär.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Kerwen» sagaldyş dynç alyş merkezi tomus möwsüminde raýatlarymyzy kabul etmek üçin doly taýýar edildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demir ýol ulagynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmegiň ileri tutulýan ugurdygyna ünsi çekip, agentligiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Milletiň Lideri häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, “Türkmendemirýollary” agentliginiň ýolbaşçysyna ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, dynç almaga gidýän raýatlaryň lukmançylyk barlagyndan geçmegi bilen bagly wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmäge degişli görkezmeleri berdi hem-de öňüni alyş çäreleriniň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.