Soňky habarlar

Arhiw

Dynç alyş merkezlerinde degişli resminamalaryň barlagy yzygiderli alnyp barlar

14:4315.05.2021
0
1802

Tomusky dynç alyş döwründe Awazada we beýleki ýerlerde dynç alýan raýatlarymyz degişli resminamalar bilen üpjün ediler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri tarapyndan bu resminamalaryň barlagy berk gözegçilikde saklanylar. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň Awazada geçirilen göçme mejlisinde ministr M.Çakyýewe degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde ministr ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi, dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy mundan beýläk geçirilmeli işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen, amala aşyrylýan öňüni alyş çäreleriniň uly ähmiýete eýedigini belläp, ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany raýatlaryň degişli resminamalarynyň bolmagyna, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişine degişli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň