Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýada 17-nji maýdan başlap, sanjym pasportlary giriziler

12:2812.05.2021
0
1347

Beýik Britaniýa şu ýylyň 17-nji maýyndan başlap, daşary ýurda gidýän raýatlary üçin sanjym pasportlaryny girizýär. Bu barada «The Times» gazeti habar berdi.

«The Times» gazetinde berilýän habarda beýan edilişine görä, smartfonlar we planşetler üçin elektron görnüşde, goşmaça bolsa kagyz görnüşinde niýetlenilen sanjym pasportlary Beýik Britaniýanyň Milli saglyk gullugy tarapyndan berilýär.

Sanjym pasportlaryny diňe Beýik Britaniýanyň COVID-19 sanjymynyň iki dozasyny alan raýatlaryna bermeklik göz öňünde tutulýar.

Beýik Britaniýanyň ýurduň içinde syýahat etmekligi ýüregine düwen raýatlarynyň özüne COVID-19 sanjymynyň edilendigini tassyklaýan kagyz şahadatnamany alyp, döwletiň çäginde islän ýerine gitmäge hukugy bar. Ýöne, bu döwletiň daşary ýurda gidýän raýatlarynda sanjym pasportynyň bolmaklygy hökmany talap bolup durýar. Beýik Britaniýanyň raýatlary sanjym pasportlaryny ulanmaklyk üçin, ýurtdan çykmazyndan ozal azyndan iki hepde öň bellige alynmaly.

Şu güne çenli Beýik Britaniýanyň ýaşuly raýatlarynyň 67 göterimine — 35,5 million sanysyna koronawirus sanjymynyň ilkinji dozasy, 34 göterimine — 17,9 million sanysyna bolsa koronawirus sanjymynyň iki dozasy sanjym edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň