Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň ýaşaýjylary köpçülikleýin welosipedi saýlaýarlar

16:1610.05.2021
0
5868

Gyrgyzystanyň ýaşaýjylarynyň arasynda welosipede bolan isleg diýseň uly. «Mir 24»-iň belleýşi ýaly, ýurtda «tigirli demir atlary» saýlaýanlaryň sany barha köpelýär.

Munuň özi benzini tygşytlamakda we daşky gurşawyň tämizligine goşant goşmakda iňňän uly ähmiýete eýedir. Şeýlelik bilen, soňky birnäçe ýylda ýurtda welosipedleriň importy birnäçe esse ýokarlandy.

Emma, gynansak-da, neşiriň belleýşi ýaly, welosiped sürýänler üçin şähere aýlanmakda käbir kynçylyklar ýüze çykýar.

Pandemiýa döwründe köpçülikleýin ulaglardan gaça durmak we saglyk edaralarynyň fiziki taýdan uzaklaşdyrmak baradaky maslahatyna eýermek bilen, adamlaryň köpüsi pyýada ýöremegi ýa-da welosiped sürmegi saýlansoň, jemgyýetçilik ulaglarynyň ulanylyşy ep-esli azaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň