Aşgabatda «Baky polkuň» ýörişi geçirildi

21:1308.05.2021
0
24769
Aşgabatda «Baky polkuň» ýörişi geçirildi

A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň ýardam bermegi bilen şu gün bu mekdebiň çäginde «Baky polkuň» ýörişi geçirildi.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä mekdebiň okuwçylary we mugallymlary gatnaşdy.

Olar 1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda aradan çykan ýakynlarynyň suratlary bilen mekdep binasynyň töwereginde dabaraly ýöriş etdiler.

Aşgabatda «Baky polkuň» ýörişini geçirmek 2015-nji ýyldan bäri asylly däbe öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň