Berdimuhamedow ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek meselesine çynlakaý çemeleşmäge çagyrdy

10:0408.05.2021
0
6799

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi.

Milletiň Lideri ýazda ygalyň ýeterlik ýagmandygyny we şu ýyl suwuň az bolmagyna garaşylýandygyny belläp, ekin meýdanlarynyň, derýalaryň, akabalaryň ýagdaýyny çaltrak seljermegi, olary arassalamak boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Oba hojalygyna häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylmalydyr.

Döwlet Baştutany wise-premýere gözegçilik edýän ministrliginiň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen etraplarda ýygy-ýygydan bolup, daýhan birleşikleriniň işini, gowaça ekişiniň alnyp barlyşyny ýerinde görmegi hem-de oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen tanşyp, olara zerur kömegi bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň