«Microsoft»-yň «Windows 10» üçin niýetlenen antiwirusy artykmaç faýllary döredýär we diski doldurýar

16:2506.05.2021
0
2153
«Microsoft»-yň «Windows 10» üçin niýetlenen antiwirusy artykmaç faýllary döredýär we diski doldurýar

«Microsoft» kompaniýasy «Windows 10» gurluşy üçin niýetlenen «Microsoft Defender» we «Windows Defender» antiwirusynyň täzelenmesini hödürledi. Ýöne bu antiwirusyň kompýuterde gereksiz faýllary döredýändigi ýüze çykaryldy.

Ýeri gelende aýtsak, «Windows 10» gurluşynyň ähli görnüşlerinde gurlan «Defender» «Windows»-yň täzelenmeler merkezinde wagtal-wagtal täzelenip durýar. Ýöne aprel aýyndaky täzelenmeden soňra ulanyjylar onuň kompýuterde artykmaç faýllary döredýändiginden nägile bolup başladylar.

Bu şowsuzlyk «Windows Serwerine» hem täsir edýär.

Neşiriň habaryna görä, «Microsoft» bu meseläni çözjek täzelenmäni eýýäm çykardy. Täzelenme 1.1.18100.6. belgilidir. Ony «Windows»-yň täzelenmeler merkezinden alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň