Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Çagalar dünýäsi» merkezinde bäsleşik geçiriler

17:3705.05.2021
0
9106

9-njy iýunda Aşgabatdaky «Çagalar dünýäsi» merkezinde çagalar üçin iň gowy lybas we aýakgap öndürijileriň arasynda bäsleşik geçiriler.

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bu bäsleşik Türkmenistanyň hususy tikinçilik merkezleriniň, Modalar öýleriniň we dizaýnerleriniň öz işlerini mahabatlandyrmagy we tanyşdyrmagy üçin döredildi. Şeýle hem bäsleşige öndüriji kärhanalar, oýunjak, çaga mebelleri dükanlary, çagalar üçin niýetlenen kafeler we animasiýa toparlary gatnaşyp biler.

Bäsleşikde aşakdaky topar eminlik eder:

  • Maýagözel Atabaýewa ― «Maýa öýmeleri»;
  • Aýlar Hojamuhammedowa ― jemgyýetçilik işgäri;
  • Amangul Mammetýazowa ― Türkmen Döwlet gurjak teatrynyň baş hünärmeni;
  • Ýazgül Meredowa ― «Turkmenportalyň» alyp baryjysy;
  • Maksat Gurbangeldiýew ― «Türkmenportalyň» marketology;
  • Selbi Hasanowa ― «Selin show» toparynyň esaslandyryjysy;
  • Jemal Ataýewa ― «Mähirli Zenanyň» wekili;
  • Gozel Abdykadyrowa ― bloger.

Bäsleşige 20 dalaşgär gatnaşyp biler.

Bäsleşige «Ak Tam Bazary» söwda platformasy hemaýatkärlik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň