Soňky habarlar

Arhiw

MHG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy migrantlary hasaba alýan elektron gollanmalary teklip edýär

18:5203.05.2021
0
5247
MHG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy migrantlary hasaba alýan elektron gollanmalary teklip edýär

Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk gulluklarynyň işgärleri üçin onlaýn-maslahat gurady. Bu maslahat “СOVID-19 pandemiýasynyň Merkezi Aziýadaky we Russiýa Federasiýasyndaky migrantlara, jemagat toparlaryna ýetiren ykdysady täsirini gowşatmak” atly sebit taslamasynyň çäginde geçirilip, ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Şweýsariýa agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän tapgyry jemleýär.

Internetüsti guralan bu duşuşygyň gidişinde Wekilhananyň ýolbaşçysy Azat Atajanow migrasiýany dolandyrmagy gowulandyrmak, migrantlaryň ýol aşmagyna kömek etmek, şeýle hem üstünden geçjek we barjak ýurtlaryndaky ýagdaý barada olara iň soňky maglumatlary bermäge niýetlenen MiRA we MigApp elektron programmalar bilen tanyşdyrdy. Şeýlelikde, ygtybarly gural bolmak bilen, MigApp dünýäniň 180-den gowrak ýurdunda 8 dilde migrantlara goldaw berýär.

Ol Türkmenistanyň soňky ýyllarda MHG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup duran adam söwdasyna garşy göreş hereketinde uly tejribe gazanandygyny belledi.

Maslahata gatnaşanlar adam söwdasynyň gurbanlaryny anyklamaga täzeçe çemeleşmeleri, şeýle hem onuň öňüni almakda elektron aragatnaşyk serişdelerini ulanmak mümkinçilikleri we bu meselede diplomatik wekilhanalaryňdyr konsullyk edaralaryň wezipesi bilen tanyşdylar.

“Adam söwdasy çylşyrymly we köp görnüşli hadysadyr, ol ilçihanalaryň we konsullyklaryň bu hadysa garşy göreş alyp barmagyň iň soňky tärlerine belet bolmagyny talap edýär” diýip, MHG-niň halkara bilermeni Tatýana Fomina belledi.

Türkmenistan BMG-niň Transmilli guramaçylykly jenaýatkärlige garşy göreş Konwensiýasyna we onuň goşmaça üç Protokolyna, şol sanda Adam söwdasyna garşy göreş barada Protokolyna goşuldy. Bu Protokoly durmuşa geçirmäk üçin, 2014-nji ýylda Türkmenistanda ähli esasy ministrlikleri, pudak edaralaryny we jemgyýetçilik guramalaryny öz içine alýan Milli iş topary döredildi. Häzirki döwürde ýurdumyz 2020 – 2022-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça amala aşyrylmaly işleriň Ikinji milli meýilnamasyny durmuşa geçirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň