Arhiw

Mary welaýatynda gowaça ekişi tamamlandy

16:3602.05.2021
0
3523
Mary welaýatynda gowaça ekişi tamamlandy

Ýurduň günorta sebitinde möhüm çig malyň ekişi tamamlandy. Daýhanlar 180 müň gektara barabar ýere tohum sepip, bu ekişi iň gysga agrotehniki möhletde tamamladylar.

Gowaça ekilen meýdanlaryň ýarysynda eýýäm maýsalar gök öwüsýärler. Ekiş enjamlarynyň ýerine meýdanlara indi kultiwatorlar çykýarlar. Häzir 250-ä golaý enjam işleýär. Pagta meýdanlarynda gowaçanyň boý almagy bilen, olaryň sany iki esse artar.

Gurak gelen bahar pasly topragy suwarmak üçin daýhanlary meýdanlarda keşleri mümkin boldugyça tiz çekmäge howlukdyrýar. “Marysuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň işgärleri-de gowaçalara ösüş suwuny tutmaga birkemsiz taýýarlyk gördüler. Şu möwsüme çenli olar hojalygara we hojalyklaryň içindäki suwaryş ulgamlarynyň takmynan 1300 kilometrini arassaladylar. Bu nowhana ulgamlarynyň suw akdyryjylygyny we suw paýlanyş ölçeglerini göz öňünde tutup, ösüş suwunyň öz wagtynda geçiriljekdiginiň kepilidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň