Döwlet serhet gullugynda Akhan atly alabaýyň «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä mynasyp bolmagy bilen bagly dabara geçirildi

23:5526.04.2021
0
7477

Şu gün Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralarynyň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça gaýduwsyz, wepadar Akhan “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä mynasyp boldy.

Dabarada çykyş edenler milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä derejesinde belende galdyrmakda döwlet Baştutanynyň bitirýän beýik işleri barada aýratyn durup geçdiler. Şunda türkmen alabaý itlerini ata Watanymyzyň döwlet serhediniň goragynda netijeli ulanmak baradaky başlangyjyň hem hormatly Belent Serkerdebaşymyza degişlidigi buýsanç bilen bellenildi.

Ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda esgerler bilen deň hatarda, sak durup gulluk edýän Akhan bu gün aýratyn başarjaňlygyny, gaýduwsyzlygyny subut eden alabaý hökmünde taryha girdi. Ony şeýle derejede terbiýeläp ýetişdirip, zähmet endigini ele alan serhetçi esger Rejepmyrat Myradow bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy bolan “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulaga, göçme kuboga hem-de diploma eýe boldy.

Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, serhetçi esger R.Myradow Türkmenistanyň “Türkmen edermen” medaly bilen sylaglanyldy. Şeýle hem gulluk borçlaryny gyşarnyksyz we birkemsiz berjaý etmegini hem-de türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Buýrugyna laýyklykda, R.Myradow dabaraly ýagdaýda harby gullukdan boşadylyp, ilkinjileriň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugyň ätiýaçlygyna ugradyldy. Munuň özi esger ýigidiň durmuşynda iň şatlykly, buýsançly waka boldy.

Dabaranyň çäklerinde aýdym-sazly çykyşlar hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde guralan sergi dabaranyň özboluşly öwüşginini artdyrdy. Onda ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen alabaýlarynyň waspyny ýetirýän sungat eserleri görkezildi. Şeýle-de sergide ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerinde ösdürilip ýetişdirilýän alabaý gulluk itlerini synlamak mümkinçiligi döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň