Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda suratkeşleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

15:2826.04.2021
0
7247

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaşçylyk» we «Heýkeltaraşlyk» bölümleriniň mugallymlary we talyplary welaýat medeniýet müdirligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Türkmenistan ―dostluk mekany, Älem-jahan ― mähir mukamy» atly wealaýatyň suratkeşleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde öňdäki orunlaryň köp sanlysyna mynasyp boldular.

Has takygy, mekdebiň mugallymlarydyr talyplary aşakdaky ugurlar boýunça ýeňiji boldular:

Nakgaşçylyk ugry boýunça

1-nji orun ― IV ýyl talyp Aziza Öwezmyradowa.

1-nji orun ― III ýyl talyp Nurjan Rahmatkulowa.

2-nji orun ― IV ýyl talyp Täzegül Jumaýewa.

3-nji orun ― IV ýyl talyp Merjen Öwezowa.

Grafika ugry boýunça

1-nji orun ― mugallym Alym Işankulyýew

1-nji orun ― III ýyl talyp Nurşat Hakkyýewa.

2-nji orun ― III ýyl talyp Jeren Jepbarowa.

3-nji orun ― III ýyl talyp Bahar Amanýazowa.

Heýkeltaraşlyk ugry boýunça

1-nji orun ― III ýyl talyp Ramazan Artykow.

2-nji orun ― III ýyl talyp Gözel Kiçigeldiýewa.

Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşikde ýeňiji bolan eserleriň käbirinden ybarat galereýany hödürleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň