Top.Mail.Ru

“Asman” modalar öýi Aspara modalar hepdeliginde özüniň kolleksiýasyny görkezdi

18:4325.04.2021
0
17400

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy ― «Asman» modalar öýi 7 ― 10-njy aprelde Gazagystanyň gadymy Taraz şäherinde geçirilen Aspara modalar hepdeliginiň (Aspara Fashion Week) VII möwsümine onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu barada birleşmäniň resmi saýty habar berýär.

Türkmen halkynyň köpasyrlyk dessurlarynyň özboluşlylygyny beýan edýän türkmen modelýerleriniň başgalara meňzemeýän «Zamana» etniki kolleksiýasy hünärmenleriň uly ünsüni çekdi we ýokary baha eýe boldy.

«Türkmenistandan bolan gündogar lybaslarynyň baý kolleksiýalary haýran galdyrdy we begendirdi. Nah matadan, organza we mikado matalaryndan edilen lybaslara milli nagyşlar salnypdyr. Şol bir wagtda olar adaty bolmadyk biçüwi bilen tapawutlanyp, bu olara aýratyn etno-modernist kaşaňlygyny berýär».

Internet ulanyjylarynyň ägirt uly sany hem Türkmen modasynyň dünýäsine wirtual syýahat edip, olar «Asman» modalar öýüniň elektron salgysyna özleriniň haýran galandyklary hakyndaky köpsanly teswirlerini iberýärler.

Şeýle hem «Asmanyň» wekili zoom-konferensiýa gatnaşyp, onuň barşynda fashion senagatynyň bilermenleri, dizaýnerleri we hünärmenleri etniki modanyň ösüşiniň häzirki zaman ugurlaryny, Gazagystanyň, Merkezi-Aziýanyň we Ýewropanyň şourumlaryna awtorçylyk önümlerini çykmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Aspara modalar hepdeligi (Aspara Fashion Week) onlaýn tertipde eýýäm üçünji sapar geçirilýär. Onuň özboluşly we aýratyn tarapy, bu çäre el zähmetini we gadymdan gelýän senetleri ulanýan eşikleriň we aksessuarlaryň dizaýnerlerine öz işlerini görkezmek üçin meýdançany hödürleýär.

Üstümizdäki ýylda owadanlygyň, ajaýyplygyň we halklaryň dostlugynyň baýramçylygy Modalar hepdeliginiň bütin taryhy boýunça iň bir abraýlylarynyň biri boldy, ýagny bu çärä 30-dan gowrak ýurtdan 90 dizaýner gatnaşdy. Mundan başga-da, gatnaşyjylaryň düzümi şeýle bir üýtgeşik we modalar hepdeligine mahsus bolup, guramaçylar sebitler we gyzyklanmalar boýunça Merkezi Aziýadan bolan kolleksiýalardan başlap, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döredijilikde gadymdan gelýän senetleri giňden ulanýan dizaýnerleriniň roliklerine çenli görkezilişleriň tertipnamasyny düzdüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň