Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň iň gowy internet web saýtyny saýlamak üçin bäsleşik yglan edildi

17:4822.04.2021
0
15247
Türkmenistanyň iň gowy internet web saýtyny saýlamak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hereket edýän ähli web saýtlaryň arasynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň gowy internet web saýty» atly bäsleşigi yglan etdi. Bu barada guramanyň resmi web saýtynda bildiriş berildi.

Degişli düzgünnamada bäsleşige Türkmenistanda hereket edýän ähli web saýtlaryň gatnaşyp biljekdigi nygtaldy.

Munuň üçin edilmeli ilkinji iş bäsleşige gatnaşýan web saýtda şu bäsleşik baradaky bildirişiň we mahabatyň ýerleşdirilmegidir. Ýerleşdirilen maglumatyň ssylkasyny ýa-da skrinşot arkaly ýaşlar guramasynyň elektron poçtasyna (turkmen-youth@online.tm) ugratmaly.

Şeýle hem 140 ýyllyk baýramy bilen baglanşykly ýörite taýýarlanan suratlary, gutlag suratlary (otkrytkalary), wideo şekilleri, habarlary, makalalary, aýdymdyr sazlary we döredijilik eserlerini öz internet web saýtlarynda ýerleşdirmeli.

Paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy, ýurdumyzyň baş şäheriniň taryhy we ähmiýeti bilen baglanşykly ýörite taýýarlanan suratlary, gutlag suratlary (otkrytkalary), wideolary, wideo şekilleri, habarlary, makalalary, aýdymdyr sazlary we döredijilik eserlerini «Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine» ýazgy bilen öz internet web saýtlarynda ýerleşdirmeli.

Öz internet web saýtlarynda ýerleşdirilen eserleriň sanynyň köplügine, hiliniň ýokarylygyna, özüne çekijiligine, döredijilik täzeçilligine, sanynyň köplügine, habarlaryň täzeligine, beýan edilýän, ýerleşdirilýän eserleriň dilleriň köplügine, dürliligine, şeýle hem ýerleşdirilen eserleriň okalan, görülen sanynyň köplügine seredilip, bäsleşikde eminler topary tarapyndan goşmaça baha beriler.

Bäsleşik 2021-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder.

Bäsleşigiň ýeňijilerine garaşýan baýraklar:

  • Baş baýrak – "Aýdyň Gijeler" HJ önümi 42-dýuýmly “Tolkun” telewizory;
  • Baýrakly orunlara – dürli gymmat bahaly sowgatlar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň