Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly agyr atletikaçy Polina Gurýewa Aziýa çempionatynda dördünji orny eýeledi

22:1119.04.2021
0
6574
Türkmenistanly agyr atletikaçy Polina Gurýewa Aziýa çempionatynda dördünji orny eýeledi

Türkmenistanly agyr atletikaçy gyz Polina Gurýewa Aziýa çempionatynda 59 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, dördünji orny eýeledi. Yklym çempionaty Daşkent şäherinde geçirilýär.

21 ýaşly türgen ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 211 kilogramlyk netije görkezdi. Şunda ol silterläp götermekde 94, itekläp götermekde bolsa 117 kilogram agyrlygy eýgerdi.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çempiony, hytaýly türgen Lo Sýaomin iki görbüşiň jemi boýunça 227 kilogramlyk netije bilen yklym çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.

Ertir yklym çempionatynda erkekleriň arasynda 73 kilograma çenli agram derejesinde ýene bir ildeşimiz ― 2019-njy ýylda ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Maksat Meredow ýaryşar.

Aziýa çempionatynda türgenleriň diňe medal üçin göreşmän, eýsem, Olimpiýa oýunlary üçin möhüm utuklary toplamaga synanyşýandygyny hem aýtmak gerek.

Daşkentdäki Aziýa çempionaty 25-nji aprelde tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň