Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny tassyklady.
Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde alnyp barylýan işleri toplumlaýyn esasda guramak, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek maksady bilen kabul edildi.