Arhiw

Türkmen alabaýynyň baýramynda halkara bäsleşik geçiriler

16:1317.04.2021
0
3874
Türkmen alabaýynyň baýramynda halkara bäsleşik geçiriler

Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçiriler. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň