Arhiw

Ýagşymyradow: «Anderson bilen tutluşygyň nähili geçjekdigi barada öňünden hiç zat aýdyp bilmerin»

23:5815.04.2021
0
16980
Ýagşymyradow: «Anderson bilen tutluşygyň nähili geçjekdigi barada öňünden hiç zat aýdyp bilmerin»

«Bellator 257» ýaryşynda amerikaly Kori Anderson bilen boljak tutluşykdan öň ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow öz söweş uslyby barada gürrüň berdi.

«Meniň söweş usulym nähili? Dogrymy aýtsam, käwagt özüme özüm hem düşünemok. Gysgaça aýdylmaly bolsa, düşnüksiz usul diýip bilerin. Esasan, tutluşykda garşydaşyma görä bolmagy saýlap alýaryn. Garşydaşym bilen güýjüm näderejede deňeçer? Tutluşygyň nähili geçjekdigini öňünden aýdyp bilmerin. Ýöne men gele-gelmäne özümiň güýçli we meşhur pälwanlaryň arasyna oklanandygymy pikir edemok. Hawa, bu ýerde hemmeler meşhur. Olaryň mahabatam ýetik. Ýöne biz hem bu ýerlere aňsatlyk bilen gelmedik. Men öňem ýönekeý liganyň wekili däldim. Hemme zat gowy bolar diýip umyt edýärin. Ýaryşa gatnaşýanlaryň haýsyna garşydaş bolmak islärdim? Bilmedim, ýöne Romeronyň uslybyny halaýaryn. Men oňa hormat goýýaryn. Ähtimal şonuň bilen tutluşmagy islärdim» diýip, «Championat» türkmenistanly pälwanyň aýdanlaryny getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň