Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara Zähmet Guramasynyň Konwensiýasynyň ratifisirlenmeginiň namasy guramanyň ýolbaşçysyna gowşuryldy

23:1415.04.2021
0
4706

14-nji aprelde Ženewada onlaýn-görnüşde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Halkara Zähmet Guramasynyň «Iş üpjünçilik syýasaty baradaky» Konwensiýasynyň ratifisirlenmeginiň namasy HZG-niň Baş direktory Gaý Raýdere dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölümindäki Hemişelik wekili Atageldi Haljanow ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklamagyň tarapdarydygyny belledi.

1993-nji ýylyň sentýabryndan bäri HZG-niň doly ygtyýarly agzasy bolmak we içinde 8-si iň esaslary hasaplanýan konwensiýalaryň 10-ny ratifisirlemek bilen Türkmenistan bu Guramanyň düzgünleriniň bütin dünýäde ykrar edilen ölçeglerini milli kanunçylyga görä umumylaşdyryp, onuň ýörelgelerini goldaýar.

Gurama agza bolan ýyllarynda we onuň hyzmatdaşlygynyň netijesinde Türkmenistan HZG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda öz borçlaryny doly ýerine ýetirýär, Konwensiýanyň düzgünleriniň ulanylyşynyň maglumatlaryny yzygiderli habar berýär, iş bilen üpjünçiligiň we zähmeti goramagyň milli kanunçylyk binýadyny döretdi.

2015-nji ýylyň sentýabrynda Durnukly Ösüş Maksatlary tassyklanansoň, Türkmenistan dessine durnukly ösüşi emele getirýän ykdysady, durmuş we ekologiki deňligi üpjün edýän DÖM-i amala aşyrmaga girişdi.

Gender deňligini berjaý etmek, adam hukuklarynyň ulgamynda, adam söwdasyna garşy göreşde we çagalaryň hukuklaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça kabul edilen hereketleriň Milli meýilnamasy hem üstünlikli amala aşyrylýar.

Halkara Zähmet Guramasynyň 122-nji Konwensiýasyny milli kanunçylyk bilen umumylyga getirmek babatda Türkmenistanyň syýasaty ykdysady ösüşiň derejesini, ykdysady we durmuş maksatlarynyň özara baglanyşygyny öz bolmalysy ýaly gözöňünde tutar we milli ileri tutulýan ugurlara laýyk usullarda durmuşa geçirer.

HZG-niň Baş direktory Gaý Raýder Türkmenistanyň 115-nji döwlet bolup iş bilen ünjünçilik syýasaty baradaky Konwensiýany ratifisirländigini nygtady we biziň ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny berkitmekde we kämilleşdirmekde edýän tagallalaryny, şeýle-de Halkara Zähmet Guramasynyň esasy hukuk namalaryny ratifisirlemekdäki ädýän ädimlerini gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň