«Türkmenhowaýollarynyň» merkezi satuw ofisinde ýük ugratmak hyzmaty ýola goýuldy

18:2915.04.2021
0
21466

Mundan ozal Türkmenistandaky ähli howa menzillerinde ýurduň içine agramy 5 kilograma çenli bolan ýükleri ibermek hyzmatynyň açylandygyny habar beripdik.

13-nji aprelden bäri bu hyzmat «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabadyň Oguzhan (Aýtakow) köçesiniň ugrunda ýerleşýän merkezinde hem elýeterli boldy.

Ýükler ululygyna görä, ýörite gaplarda ugradylýar. Ýük ugratmagyň bahasy bukjanyň göwrümine görä, 40 manatdan 70 manada çenli üýtgeýär.

Bu hyzmatyň diňe içerki gatnawlarda elýeterlidigini ýene bir ýol ýatladýarys.

Aşgabatdaky hyzmat ediş nokady bilen habarlaşmak üçin:

  • Telefon 39-17-71; 39-17-35.
  • e-poçta: asb.airport.cargo@online.tm.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň