Arhiw

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde guramaçylyk meselelerine seredildi

23:3714.04.2021
0
3546
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde guramaçylyk meselelerine seredildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu komitetleri döredildi:

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky;
Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky;
Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky;
Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky;
Halkara meseleler baradaky.

***

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary bilen,

Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy;

Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy;

Guwançmyrat Bagybekowiç Agaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy;

Merdan Jomardowiç Halnazarow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy;

Bahar Hojamuradowna Seýidowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy;

Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy;

Batyr Geldymämmedowiç Orazmämmedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy;

Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň