Samsung «iň kuwwatly Galaxy» bilen tanyşdyrar

18:4114.04.2021
0
5750

Samsung kompaniýasy öz resmi saýtynda 28-nji aprelde Galaxy Unpacked atly onlaýn-çäresiniň geçiriljekdigi we onda «iň kuwwatly Galaxy» bilen tanyşdyryljakdygy hakynda bildiriş ýerleşdirdi. Bu barada «vc.ru» habar berýär. Neşiriň maglumat bermegine görä, kompaniýa Galaxy Book Pro noutbuklaryny hem görkezip biler.

Şahadatnamalaşdyrmagyň maglumatlaryna salgylanyp, SamMobile Samsung kompaniýasynyň Galaxy Book Pro hem-de Pro 360 noutbuklaryny işläp taýýarlaýandygyny habar berýär. Olaryň birinjisi LTE-modem nusgasyna, beýlekisi bolsa 5G ornaşdyrmasyna eýe bolar. Şeýle-de Samsung kompaniýasynyň täze Galaxy Z Fold 3 we Galaxy Z Flip 2 atly eplenýän telefonlar bilen tanyşdyrmagy meýilleşdirýändigi hakynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň