Soňky habarlar

Arhiw

Mukaddes Oraza aýy başlandy

00:0013.04.2021
0
14803
Mukaddes Oraza aýy başlandy

Musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Oraza aýy ýetip geldi. 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy başlandy.

Oraza aýynda ir ertirden tä Gün batýança iýip-içmekden saklanyp, agyz beklenilýär, gep-gybatdan daşda durulýar, gijelerine ybadat, haýyrly amallar edilýär. Bu aýda agzaçar sadakalary berilýär.

Türkmenistanyň Müftüliginiň karary bilen, ýurdumyzda Orazanyň ilkinji güni 13-nji aprele, soňky güni bolsa — 12-nji maýa gabat gelýär. Gadyr gijesi 8-nji maýdan 9-njy maýa geçilýän gijä düşýär. Baýram namazy 13-nji maýda okalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň