Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümdäki ilkinji çykyşyny hödürledi

19:4211.04.2021
0
23093

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik topary täze möwsüme baý mazmunly şowhunly konsert taýýarlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Täze möwsümdäki ilkinji çykyşlar Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň çykyşy bilen başlady.

Soňra howa gimnastikaçylarynyň, žanglýorlaryň we beýlekileriň gyzykly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Görkezilişiň ikinji bölüninde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy has uly el çarpyşmalary gazandy. Konsert maksatnamasy küştdepdi tansynyň köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň