Soňky habarlar

Arhiw

Bedewler bilen bagly bäsleşiklerdir ýaryşlaryň baýraklaryndan olaryň seýilserine hem paý çykarylar

23:4709.04.2021
0
4609

Bedew bäsleşiklerinde ýeňiji bolan atlara berilýän baýraklary paýlamagy has-da kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini gymmat bahaly baýraklar bilen sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlarynda geçirilýän at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiklerinde hem-de atly sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanandygy üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we ýuridik şahslaryna degişli atlara berilýän baýraklary, şol atlaryň ýokary derejede ösdürilip ýetişdirilmegine goşant goşan şahslaryň arasynda paýlamak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň