Soňky habarlar

Arhiw

«Saraý» ykjam goşundysynda mahabat ýerleşdirmek we internet hyzmatlary üçin töleg geçirmek bolar

14:3909.04.2021
1
21450

«Saraý» ykjam goşundysy söwda we mahabat platformasyny özünde jemleýän köp wezipeli internet-meýdançasy hem-de dürli hyzmatlar üçin tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýän portaldyr.

Ol 2019-njy ýylyň tomsunda işe girizildi. Bu mobil goşundysy şahsy adamlara dürli harytlary hem-de hyzmatlary satyn almak we satmak barada bildirişleri ýerleşdirmäge, plastik kartlar arkaly öý we el telefon belgilerine, IP-TV we internet ulgamyna tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýakynda mobil goşundysyna otlularyň we uçarlaryň ýol peteklerini onlaýn tertipde satyn almak mümkinçiligi hem girizildi. Munuň üçin bellige alyş wagtynda şahsy telefon belgiňi görkezmek ýeterlikdir.

Goşundyny «Google play» we «Appstore» arkaly şahsy telefonlara ýükläp almak bolar.

«Saraý» mobil goşundysynyň web-saýtynda onlaýn tertibinde hyzmatlar üçin tölegleri geçirmek mümkinçiliginden başga, goşundydaky ähli bölümleriň we wezipeleriň işi göz öňünde tutulandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Ladycharyyeva ( 21.06.2021 )

https://turkmenistanairlines.tm сайт не работает, какой бы адрес и дату указываешь пишет нет билетов

9