Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň we Ýerewanyň döwlet gurjak teatrlarynyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

09:1906.04.2021
0
10018

Türkmen döwlet gurjak teatry bilen Ýerewan döwlet gurjak teatrynyň işgärleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ýurdumyzyň Ýerewandaky diplomatik wekilhanasynyň kömegi bilen gurnaldy.

Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň teatr fakultetiniň aktýorçylyk we sahna ussatlygy kafedrasynyň müdiri Aýmämmet Işangulyýew kärdeşleri bilen salamlaşyp, türkmen gurjak teatrynyň işi barada gürrüň berdi. Teatryň döredijilik topary 2014-nji ýylda Ýerewanda döredijilik saparynda bolup, Howhannes adyndaky Ýerewan döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda çykyş edipdiler.

Şeýle hem Ýerewanyň teatrynyň ýolbaşçysy Ruben Abrahamýan türkmen kärdeşlerine alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary mundan beýläk hem dowam etdirmegiň meselelerine seretdiler. Olar mümkinçilik dörän pursadynda bir-biregiňkide döredijilik saparlarynda bolmagy meýilleşdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň