Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem milli mirasymyzy, taryhymyzy wagyz etmekde uly gоşant goşýarlar. Munuň üçin köpçülikleýin geçirilýän çärelerde, dabaralarda, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergiler yzygiderli gurnaýar.
Türkmenistanyň Döwlet Bedenterbiýe we Sport institutynda Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde «Arkadagly Ak şäherim Aşgabat» atly göçme sergi gurnaldy.
Sergide gözel paýtagtymyzy suratlandyrýan fotosuratlar, gelin-gyzlarymyzyň dokan ajaýyp şekilli halylary sergilendi. Mundan başga-da türkmen halkynyň gadymy egin-eşikleri, haly önümleri we öý esbaplary giňden görkezildi.