Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýapon dili boýunça synaglar geçiriler

15:4030.03.2021
0
5997

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy şu ýyl ilkinji gezek ýapon dili boýunça synaglaryň geçiriljekdigini habar berdi. Synaglar 4-nji iýulda, hepdäniň ýekşenbe güni bolar.

Resminamalar 2-nji aprele çenli kabul ediler. Synaglara gatnaşmak isleýän islendik adam ilçihana ýüz tutup biler.

Synaglar barada jikme-jik maglumatlar ilçihananyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň