Arhiw

«Lukoýlyň» Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellenildi

12:4930.03.2021
0
13663
«Lukoýlyň» Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellenildi

«Lukoil Uzbekistan Operating Company» kompaniýasynyň direktory Stepan Guržiý «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan ýurtlaryndaky wekili wezipesine bellenildi.

Kompaniýanyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, Russiýanyň «Lukoýl» nebitgaz kompaniýasynyň Dolandyryş komiteti bu barada degişli karary kabul etdi.

Beýanata görä, Stepan Guržiýiň jogapkärçilikleri ýokarda agzalan ýurtlar bilen «Lukoýl» toparynyň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmekden ybarat bolar.

Russiýanyň iri nebitgaz kompaniýasy Azerbaýjanda, Gazagystanda we Özbegistanda amala aşyrylýan nebitgaz taslamalaryna gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň «Lukoil» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen fewral aýynyň 18-ne Aşgabatda geçiren duşuşygynda «Lukoýl» kompaniýasynyň «Dostluk» ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini Türkmenistanyň goldaýandygyny hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň