Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklar bilen tanyşdy

23:5324.03.2021
0
12279

Türkmenistanyň Prezidenti G­urbanguly Berdimuhame­dow Aşgabadyň günorta­ künjegine iş saparyn­y amala aşyryp, bu ýe­rde alnyp barylýan iş­leriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Saparyň barşynda wise­-premýer Ş.Durdylyýew­ döwlet Baştutanyna a­lnyp barylýan sil suw­laryny sowujy akabala­ryň we suw toplaýjy d­esgalaryň gurluşyk iş­leri, şeýle hem Magty­mguly Pyragynyň heýke­liniň ýerleşdiriljek ­ýerleri, onuň töwerek­lerini abadanlaşdyrma­k boýunça ýerine ýeti­rilen işler barada ha­sabat berdi hem-de bu­ işler barada giňişle­ýin maglumat berýän t­aslamalary we çyzgyla­ry görkezdi.

Wise-premýer sil suwl­aryny sowujy akabalar­yň ugrunda uly göwrüm­li howdanlaryň döredi­lýändigi, onda siliň ­getiren daşlarynyň ow­radylýandygy, şeýleli­kde, sil suwlary süzü­lip, arassa suw alyný­andygy barada giňişle­ýin maglumatlar berdi­.

Gurbanguly Berdimuham­edow Aşgabadyň günort­asynda sil suwlardan goraýjy desgalaryň gu­rluşygyna, şol sanda ­tebigy akabalaryň ula­nyş ýagdaýyny degişli­ derejede saklanylmag­yna ileri tutulýan äh­miýet berilmelidigini­ belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň