Özbegistanyň Superligasy ― 2021: Arslanmyrat Amanow iki tapgyrda hem ýeňilmedik toparyň wekili

14:1417.03.2021
0
5702

Özbegistanyň futbol çempionatynyň Superligasynyň yzda galan iki tapgyryndan soňra diňe iki topar ― «Sogdiana» bilen «Pahtakor» garşydaşlaryndan ýeňilmedi.

Şeýlelikde, häzir bu toparlaryň ikisinde-de 6 utuk bar. Ýaryş tertibinde «Pahtakor» birinji, «Sogdiana» ikinji orunda görkezilýär.

Ýurduň häzirki çempiony ― «Pahtakor» illkinji iki tapgyrda «Maşaly» 3:0, «Nasafy» 3:2 hasabynda ýeňdi. Birinji tapgyrda «Nawbahordan» 1:0 hasabynda üstün çykan «Sogdiana» bolsa ikinji tapgyrda «Turony» hem edil şol hasap bilen ýeňdi.

«Sogdiananyň» geçiren resmi duşuşyklarynyň ikisinde-de türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow esasy düzümde meýdana çykdy.

Özbegistanyň Superligasynyň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary 18 ― 20-nji mart aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň