Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli sergi açyldy

12:2317.03.2021
0
15079

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda žiwopis işleriniň, şeýle hem amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi açyldy. Baýramçylyk sergisiniň eksponatlary baharyň we Nowruzyň özboluşly däpleriniň ruhuna atarýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Merdan Kakabaýewiň «Nowruz» we Alekseý Galkiniň «Hiňňildik» atly suratlary şadyýan dyýgylara ýugrulan. Şinelän bugdaý - bu baýramyň aýrylmaz bölegidir. Soňy bilen adamlar ondan baýramçylyk saçagynyň datly tagamy – semeni taýýarlamagy öwrenipdirler.

Nowrus köpçülikleýin bellenilýän baýram, onda hiňňildik uçup, ruhy taýdan päklenilýär diýen yrym bar. Alekseý Galkin ýordumy üýtgeşik tilsimde beýan edipdir, onda impressionizme mahsus sypatlar duýulýar.

Merdan Kakabaýewiň «Gijeki güýç» atly işi filosofik-şahyrana ýordumy bilen maýyl edýär. Aý nuruna dolan gum depeleri... Şahyrana ýordumyň her bir detaly hyýala golaý hakykat jadysyna öwrülýär.

Üýtgeşik ýene bir surat – Aleksandr Kinýakiniň «Teneçir» atly işidir. Gurluş ekspressiýasyndan başga-da, ol reňk bermegiň çylşyrymly tilsiminiň ulanylmagy bilen haýran edýär.

Rahman Umarowyň «Keşdeçi» atly suratynda owadan ýaş gelin mähir bilen näzik çigildeme bakýar. Çeper elli zenan kimin bahar hem türkmen tebigatyna jan berýar, dag eteklerine al-elwan gülleri sahylyk bilen seçýär – nakgaş öz işinde şuny aýtmak islän bolaýmasyn?

Heýkeltaraş Juma Jumadurdyýewiň kompozisiýasynyň gahrymanlary - tans edýän dört zenanyň keşbi açylan güli ýada salýar...

Dizaýner Mariýa Filipçenkonyň ilkinji işleri-de özüne ünsi çekdi. Mariýa owadan gyzyl we mawy ýasama daşly nepis iki tumary altyn sapaklar bilen jähekläpdir. Ol tumaryň daş keşbini üýtgetmezden tilsimleridir materiallary özüçe ulanmagyň hötdesinden gelipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň