Türkmenistanda ýaş telekeçiler üçin onlaýn forum geçiriler

21:5615.03.2021
0
7859

Şu gün USAID-iň telekeçiligi we işewür gurşawy ösdürmek taslamasynyň goldawy bilen Türkmenistanda ýaş telekeçiler üçin «Tech Stars Startup Weekend» onlaýn forumy öz işine başlady.

Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu çäräni «Orlan» hususy kärhanasy MOST biznes inkubatory (Gazagystan) bilen bilelikde guraýar.

Forumyň çäginde telekeçilere iş meýilnamasyny düzmek, geljekki önümiň ýa-da hyzmatyň prototipini emele getirmek, şeýlelikde iş başlangyjyny kemala getirmek boýunça maslahatlar berler.

Bu çäre halkara hünärmenleriniň maslahatlaryny, peýdaly teklipleri hem öz içine alýar.

Forum 17-nji martda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň