Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow «Kaspiniň» 2021-nji ýyldaky düzüminde resmi ýagdaýda görkezildi

12:1511.03.2021
0
6767

Gazagystanyň Profesional futbol ligasynyň resmi saýtynda «Kaspiý» futbol topary 2021-nji ýyldaky düzümini yglan etdi.

Düzümde milli ýygyndymyzyň futbolçysy Ruslan Mingazowa hem orun berilýär. Ol Gazagystanyň çempionatynyň täze möwsüminde «9» belgili köýnekçede çykyş eder.

29 ýaşly ýarym goragçy «Kaspiý» toparynyň düzümine erkin oýunçy hökmünde 26-njy fewralda goşuldy. Onuň soňky çykyş eden topary Karaganda şäheriniň «Şahtýory» bolupdy.

«Kaspiý» Gazagystanyň çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyny 14-nji martda «Aktobe» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň