Soňky habarlar

Arhiw

Doglan gününiň 207 ýyllygy mynasybetli Taras Şewçenkonyň Aşgabatdaky ýadygärligine gül goýuldy

18:1210.03.2021
0
8653
Doglan gününiň 207 ýyllygy mynasybetli Taras Şewçenkonyň Aşgabatdaky ýadygärligine gül goýuldy

Ukrain şahyry, ýazyjysy, suratkeşi we jemgyýetçilik wekili Taras Şewçenkonyň doglan gününiň 207 ýyllygy mynasybetli 9-njy martda onuň Aşgabatdaky ýadygärligine gül desseleri goýuldy.

Bu dabara Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taras Şewçenkonyň Aşgabadyň merkezindäki ýadygärligi heýkeltaraş Mihail Lysenko tarapyndan dikeldildi. Zakaspi sebitlerinde hem birnäçe ýyl ýaşan şahyr özüniň 160-dan gowrak şygryny hut şu ýerde ýazypdyr. Onuň döredijiliginde türkmen topragyna we halkyna bagyşlanan şygyrlar hem uly orun tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň