Soňky habarlar

Arhiw

TYA tomusda onlaýn görnüşde ylmy maslahat geçirer

12:4508.03.2021
0
24844

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda kabul eden 2140 belgili «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň „Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ diýip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda» karary esasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly ylmy maslahat geçirilýär.

Ylmy maslahat 2021‑nji ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde onlaýn görnüşinde geçirilýär.

Ylmy maslahatyň guramaçylary: Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.

Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri.

Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary:

1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;

2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;

3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;

4. Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;

5. Innowasion ykdysadyýet;

6. Ynsanperwer ylymlar.

Ylmy maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça, maslahatyň mowzuklarynyň üsti doldurylyp bilner.

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary 2021-nji ýylyň 20-nji martyna çenli kabul edilýär.

Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli talaplary berjaý etmelidirler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 94-13-37.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň