Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny sylaglady

22:0803.03.2021
0
4573
 Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny sylaglady

Türkmenistanyň Prezindenti şu gün – 3-nji martda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda harby-hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda karara gelendigini belläp, degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň  agzalary       

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary, general-leýtenant Çarymyrat Amanowa,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, polkownik Serdar Berdimuhamedowa,

Türkmenistanyň Goranmak ministri, general-maýor Begenç Gündogdyýewe,

Türkmenistanyň Içeri işler ministri, polisiýanyň general-maýory Mämmethan Çakyýewe,

Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Atdaýewe,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, ikinji hünär derejeli Guwançmyrat Ussanepesowa,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, polkownik Gurbanmyrat Annaýewe,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, polkownik Ýazgeldi Nuryýewe,

Türkmenistanyň Adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmurat Muhamedowa,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, polkownik Döwletgeldi Meredowa,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Maksat Hudaýkulyýewe,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Bekmyrat Öwezowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady dakyldy.

Bu barada  «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle-de okaň!

«Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly at döredildi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň