Turkmenportal logo
18.01.21
1301513015
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly at döredildi
metbugat.gov.tm

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy ýanwarda «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuna gol çekdi.


Şeýle hem bu Kanun bilen täze döredilen hormatly adyň Düzgünnamasy we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysy tassyklanyldy. Kanun şu gün, 18-nji ýanwarda türkmen metbugatynda çap edilenden soňra güýje girdi.


Täze hormatly adyň Düzgünnamasy we döşe dakylýan nyşanynyň ýazgysy «Türkmenistan» we «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwaryndaky sanynda çap edildi.


Adyndan hem belli bolşy ýaly, täze hormatly at göreldeli gulluk eden harby gullukçylara berler. 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň gününde täze hormatly adyň ilkinji eýeleriniň yglan edilmegine garaşylýar.