Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

14:2603.03.2021
0
798

Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.

Ýurduň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.

Kanun çykaryjy milli häkimiýet edarasyna halkymyzyň iň mynasyp wekilleri hödürlenildi. Dalaşgärleri bellige almak çäresi 7-nji martda tamamlanar.

2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna şu güne çenli Ahal welaýaty boýunça 20 dalaşgär, Balkan welaýaty boýunça bolsa 21 dalaşgär bellige alyndy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan degişli resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýlelikde, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler demokratik, aýanlyk, köppartiýalylyk hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär.

Şeýle-de okaň!

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna 111 dalaşgär görkezildi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň