Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna 111 dalaşgär görkezildi

10:1902.03.2021
0
1146

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak, saýlawlar güni ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleriniň sanawyny tassyklamak meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek möwsüminiň çäklerinde, şu güne çenli ýurdumyz boýunça dalaşgärleriň jemi 111-si hödürlenildi. Olaryň 20-si Ahal welaýatyndan, 21-si Balkan welaýatyndan, 18-si Daşoguz welaýatyndan, 18-si Lebap welaýatyndan, 17-si Mary welaýatyndan hem-de 17-si Aşgabat şäherinden hödürlenen dalaşgärlerdir. Dalaşgärleri bellige almak bolsa 7-nji marta çenli dowam eder.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda Aşgabat şäheri boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna hödürlenen 17 dalaşgäre bellige alnandygy baradaky şahsyýetnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň