Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Baş konsuly Astrahanyň gubernatorynyň geçiren duşuşygyna gatnaşdy

11:0401.03.2021
0
5736

Türkmenistanyň Astrahandaky Baş konsuly Güýç Garaýew oblastyň gubernatory Igor Babuşkiniň Hazarýaka döwletleriniň sebitde işleýän konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy.

Taraplar sebit bilen Eýranyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Igor Babuşkin 2021-nji ýylda Hazar sebitiniň ýurtlaryny has-da birleşdirjek köp sanly halkara çäräniň boljakdygyny aýtdy. Olaryň hatarynda Moskwada geçiriljek II Hazar ykdysady forumy we Astrahanda bolsa altynjy Hazar metbugat forumy hem bar. Şu ýyl Hazar deňziniň üsti bilen bitewi deňiz ulgamynyň açylmagy meýilleşdirilýär. Gubernatoryň sözlerine görä, bu Hazar deňzinde syýahatçylygy ösdürmegiň güýçli hereketlendirijisine öwrüler.

5-nji martda, Astrahanda Hazarýaka döwletleriniň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan halkara çäre geçiriler. Gubernator Hazarýaka döwletleriniň ýaşlarynyň wekillerini «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyga gatnaşmaga çagyrdy. Onuň özi hem bu maslahata gatnaşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar özara peýdaly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmäge we ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler ― diýip, Astrahan sebitiniň dolandyryşynyň metbugat gullugy habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň