Keşdeçi zenanlaryň arasyndaky bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

13:3428.02.2021
0
1095

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda «Keşde çeker ellerim» ady bilen bäsleşik geçirildi ― diýip, «Balkan» gazeti habar berýär.

Bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden çeper elli gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olar şertlere laýyklykda, çeper sözde özleri, iş ýerleri bilen tanyşdyryp, gazalyň, goşgynyň, aýdymyň üsti bilen keşde nagyşlaryny wasp etdiler. Welaýatyň etrap-şäherleriniň ýerli aýratynlyklaryna görä, el işlerini ýerine ýetirip, başarnyklaryny ýüze çykardylar. Şol ýerine ýetiren el işlerindäki nagyşlaryň gelip çykyşy hakyndaky rowaýatlary gürrüň berdiler, nakyllary, pähimleri mysal getirdiler.

Bäsleşigiň jemleýji şertinde zenan elleri bilen döredilen gözelliklerden guralan sergä syn edildi. Sergi zenan zehininiň zynaty bolan el hünäriniň sungat derejesine ýetirilendigini ýene bir gezek tassyklady.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Etrek etrap çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Meretgül Saparmämmedowa birinji, Serdar şäher medeniýet merkeziniň geýimçisi Laçyn Allaberdiýewa ikinji, Esenguly etrabynyň Bugdaýly oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Gülruh Nyýazmyradowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşikde birinji orny eýelän keşdeçi onuň döwlet tapgyryna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň