Golaýda Mary şäheriniň merkezindäki ajaýyp binada — “Bagt köşgüniň” toý mekanynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dokma toplumlarynda zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar ― diýip, «Maru Şahu-Jahan» gazeti habar berýär.
Bir-birinden üstünlikli çykyş eden bäsdeş dokmaçylaryň 3-isi eminleriň beren bahalary netijesinde bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Şeýlelik bilen, Wekilbazar dokma toplumynyň dokmaçysy Gunça Reýimowa 1-nji, Baýramaly şäher dokma toplumynyň dokmaçysy Çynar Hallyýewa 2-nji, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň hil gözegçisi Gunça Allamyradowa 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Öňe saýlanan ussat dokmaçylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary we bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
1-2-nji orunlara mynasyp bolan dokmaçylar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.