Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-da ABŞ-nyň “reVoiced” aýdym-saz topary bilen onlaýn okuw sapagy geçirildi

18:3424.02.2021
0
5617

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýurdumuzyň ýörite sungat mekdepleriniň gatnaşmagynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “reVoiced” topary bilen onlaýn okuw sapagy geçirildi. 

Wideoaragatnaşyk arkaly geçen bu sapaga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşyp, “reVoiced” toparynyň agazalary bilen tanyşdyrdy. Topar öz gezeginde döredýän aýdym-saz eserleri, hor topary bilen işlemegiň aýratynlyklary, aýdym sungatynda ses alamagyň, ýerine ýetirmegiň tilsimleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Şeýle hem olar öz döredijilik topary bilen birnäçe nusgawy aýdymlary ýerine ýetirdiler. 

Konserwatoriýanyň hor we akapella topary hem-de welaýatlaryň ýörite sazçylyk mekdepleriniň hor toparlary türkmen halk aýdymlarynyň täzeden işlenen görnüşlerini we döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler. Türkmen talyplarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynyň özlerinde uly täsir galdyrandygyny, ýakyn wagtda Türkmenistana konsert çykyşlary bilen gelmek isleýändiklerini “reVoiced” toparynyň agzalary uly buýsanç bilen bellediler. 

Sapagyň dowamynda amerikan akapella topary bilen türkmen talyplary sowal-jogaplary alyşdylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň