Top.Mail.Ru

Ruslan Mingazow «Kaspiniň» düzüminde ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy

13:0824.02.2021
0
5618

Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow täze möwsüme Gazagystanyň «Kaspiý» futbol toparynyň düzüminde taýýarlanýar. Olar toparyň hataryna Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda baryp goşuldy.

Türkmenistanly futbolçy 22-nji fewralda gazak toparynyň düzüminde Ukrainanyň «Nikolaýew» toparyna garşy geçirilen ýoladşlyk duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyk 2:0 hasabynda «Kaspiniň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu ýygnanyşygyň çäginde topar Russiýanyň «Alaniýa» (3:10), «Kuban» (3:0), Özbegistanyň «Kyzylkum» (2:4) we Ukrainanyň «Weres» (1:2) toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçiripdi.

Mundan ozal Ruslan Mingazow bilen Bahreýniň iň köp kubok gazanan topary bolan «Al-Muharragyň» gyzyklanýandygyny ýazypdyk.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň