Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepede guruljak athana üçin bäsleşik yglan edildi

10:3723.02.2021
0
2130
Gökdepede guruljak athana üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda Köpetdagyň eteginde 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2021-nji ýylyň 7-nji apreline çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň