Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly adyndaky TDU-da «Talyp gözeli» bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi

13:1422.02.2021
0
24299
Magtymguly adyndaky TDU-da «Talyp gözeli» bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli – 2021» bäsleşiginiň uniwersitet derejesindäki tapgyry geçirildi. Bu barada Ashgabat.in habar berýär.

Bäsleşige uniwersitetiň fakultetlerinden jemi on bir sany talyp gözelleri gatnaşyp, olar üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Birinji şert boýunça talyp gyzlar zamanamyzyň ösüşlerini, türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, manalogdyr sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde bäsdeş gyzlar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp türkmen tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler. «Talyp gözeli – 2021» bäsleşiginiň ahyrky üçünji şertinde talyp gözelleri «Hünärim bar— hormatym bar» ady bilen özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.

Gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri ýörite eminler topary tarapyndan yglan edildi. Bäsleşigiň jemlerine görä uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnäz Ataýewa baş baýraga mynasyp boldy.

Şeýle hem uniwersitetiň taryh fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýnur Seýitnepesowa 1-nji orna, hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Altyntäç Ataýewa, matematika fakultetiniň 1-nji talyby Mähri Baýramowa we biologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şasenem Röwşenowa dagy agzybirlikde 2-nji orna, roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýbölek Sahatowa hem-de maglumat-tehnologiýalary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Keýik Hümmedowa dagy bolsa 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de oňa işjeň gatnaşanlara höwslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Baş baýraga mynasyp bolan talyp gyz bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň