Türkmenistanly ýaşulularyň ýene biri 100 ýaşyny doldurdy

16:2619.02.2021
0
20771

Esenguly etrabynyň Ajyýap obasynyň ýaşaýjysy Hally Esenow 100 ýaşyny doldurdy. Şeýlelikde, ol bir asyry arka atan türkmenistanlylaryň täze wekili boldy.

Welaýatyň metbugat gullugyndan «Türkmenportala» berlen habara görä, Hally aga uruş we zähmet weterany. Onuň öýi eýýäm birnäçe günden bäri myhmandan doly. Ýaşulyny diňe garyndaşlary ýa gopşulary däl, pensiýa gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli wekilleri hem gutlaýarlar.

Geçmişini ýada salýan Hally aganyň ykbalynda şatlykly günler, gaýga bürenen günler häm kän boldy. Ol hiç wagt işden gaçmandygyny, hemişe hereketde bolmagyny uzak ýaşamagynyň sebäbi hasaplaýar. Uruşdan soň kolhozda işlän ýaşulynyň üç perzendinden 15 agtyk, 17 çowluk dünýä indi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň